Turkmenportal logo
27.06.23
2595825958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
25 – 27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVIII halkara maslahat geçiriler

2023-nji ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVIII halkara maslahaty geçiriler.


Bu çäre «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Forumy» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda, «GafneyCline» kompaniýasynyň goldawy bilen geçirilýär.


Maslahatyň we serginiň maksady energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmekden, ählumumy energetika ulgamynyň soňky gazananlaryny gözden geçirmekden we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolar.


Maslahat bilen ugurdaş geçiriljek «OGT EXPO» sergisiniň ýerli we ählumumy nebit-gaz pudagynyň iň gowy üstünliklerini özünde jemlenmegine garaşylýar.


Halkara forumyň çäginde geçiriljek işewürlik duşuşyklary bolsa hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika, nebithimiýa toplumlaryna täze maýa goýum taslamalary barada habardarlyk derejesini ýokarlandyrar.