Turkmenportal logo
27.06.23
2382123821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl Mekgä 2 milliona golaý zyýaratçy barýar
Şu ýyl Mekgä 2 milliona golaý zyýaratçy barýar

«Euronews»-yň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda musulmanlaryň Mekgä zyýaraty taryhdaky iň uly zyýarat bolup biler. Saud Arabystany Patyşalygyna eýýäm 2 million töweregi adam geldi we ýene 500 müň adamyň gelmegine garaşylýar.


Soňky üç ýylda ilkinji gezek zyýaratçylar jemgyýetçilik-arassaçylyk kadalaryny berjaý etmezden, haj parzyny ýerine ýetirip bilerler. Mundan başga-da, habar berilmegine görä, haj zyýaratynda aýallar üçin çäklendirmeler ýatyryldy: ozal zenanlar erkek adamlar bilen bile bolmazdan, Mekgä baryp bilmezdiler. Indi bu çäklendirilmeler ýatyryldy, ýöne diňe Saud Arabystanynyň raýatlary üçin.