Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy geçiriler

21:1526.06.2023
0
23919

30-njy iýunda, anna güni «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy geçiriler. «Märkaw» myhmanhanasynda geçiriljek forumda Durnukly ösüşiň geljegi we şäherlerdäki täze tehnologiýalar, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, «Akylly» şäherleriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasion tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça çykyşlar bolar.

Olaryň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Arkadag şäheriniň häkimi, ВMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça edarasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary, Tehniki hyzmatdaşlyk we durnukly senagat ösüşi direktoratynyň dolandyryjy direktory çykyş eder. Şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisýagyň, ABŞ-niň «John Deere» kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti Piter Zakseniň, Beýik Britaniýanyň «JCB UK LTD» kompaniýasynyň Halkara satuwlar boýunça sebitleýin müdiri Swetlana Petrowanyň, Täjigistan Respublikasynyň «Samo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy — Halkara işewürlik tälimçisi, psihologiýa ylymlarynyň doktory Saidmurod Dawlatowyň we beýlekileriň çykyş etmegine garaşylýar.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi we resminamalara gol çekmek, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan forum tamamlanandan soňra hususy ulgamyň wekillerine degişli zawod-fabriklere baryp görmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň