Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Resmi: Gündogan «Barselona» geçdi

16:3626.06.2023
0
36332

Germaniýaly ýarymgoragçy Ilkaý Gündogan «Mançester Siti» bilen hoşlaşyp, «Barselonanyň» düzümine goşuldy.

32 ýaşly oýunçy katalon kluby bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama gol çekişdi. Şertnamada Gündogany transfer etmek üçin öwez tölegi 400 million ýewro möçberde bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, Ilkaý Gündogan 2016-njy ýyldan bäri «şäherlileriň» düzüminde çykyş edýärdi. Ol «Mançester Sitide» oýnan döwründe 304 duşuşykda meýdança çykyp, 60 gol urmagy başardy. Gündogan «Siti» bilen 5 gezek Angliýanyň çempiony, 2 gezek Angliýanyň Kubogynyň, 4 gezek Angliýanyň Liga kubogynyň, 2 gezek Angliýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Şeýle-de ol şu ýyl öz topary bilen ÝÇL-de hem çempion bolmagyň hötdesinden geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň