Turkmenportal logo
24.06.23
2470724707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň weleýbol ýygyndysy Milletler ligasynda Nepalyň ýygyndysyndan üstün çykdy

Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde woleýbol boýunça erkek ýygyndylarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň ― CAVA-nyň Milletler ligasynyň duşuşyklary dowam edýär.


Gyrgyzystanyň Woleýbol federasiýasynyň habar berşi ýaly, ýaryşa ýedi topar ― Gyrgyzystanyň, Nepalyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Gyrgyzystanyň ikinji ýygyndylary gatnaşdy.


Ýaryşyň dördünji tapgyrynyň çäginde 22-nji iýun güni türkmen ýygyndysy Nepaly 3:1 hasabynda ýeňdi. Günüň beýleki duşuşyklarynda Eýran Mongoliýadan 3:0, Özbegistan Gyrgyzystanyň ikinji ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.


Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşdaky jemleýji duşuşyklaryny 24-nji iýun güni Özbegistanyň, 25-nji iýunda Eýranyň ýygyndylary bilen geçirer.