Top.Mail.Ru

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi

11:2822.06.2023
0
27871

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 12-siniň açylyş dabarasy boldy.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, jaýlaryň ýanaşyk ýerleri çagalar üçin oýun meýdançalary we sport meýdançalary, gezelenç üçin meýdançalar, maşgala dabaralaryny we möhüm çäreleri geçirmek üçin ýerler bilen üpjün edildi.

— Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzyň hil taýdan täze binagärlik keşbine eýe bolmagy begendirýär — diýip, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň metallurgiýa zawodynyň mehanigi Wiktor Kornikow aýdýar. — Bu gün gelnim ikimiz iki otagly ýaşaýyş jaýynyň eýesi bolduk we muňa örän begenýäris. Ýanaşyk ýerler diýseň gowy abadanlaşdyrylan, bu ýerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni çäreler we dabaralar, şeýle hem awtoulag duralgalary üçin meýdançalar bar.

«Öň kiçi göwrümli jaýda ýaşaýardyk, ýöne bu ýerde her bir maşgala agzasynyň öz otagy bar» diýip, täze ýaşaýyş jaýyna göçüp gelen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Energetika gözegçilik döwlet kärhanasynyň hünärmeni Oguljennet Aşyrowa belleýär.

Gurluşykda baş potratçy hökmünde Aşgabat şäher häkimliginiň buýrugy bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton desgalary zawody çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň