Turkmenportal logo
20.06.23
3408134081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar
Surat: sovsport.ru

«Baýer Lewerkuzeniň» hüjümçisi Serdar Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar.


«Sky Sport»-nyň habaryna görä, «Baýer Lewerkuzen» kluby oýunçy üçin Ýewropa klublaryndan hem teklip aldy we topar 28 ýaşly hüjümçini satmaga taýýar.


Türkmen asylly eýranly hüjümçiniň 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 2,5 million ýewro Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparyndan «Baýere» goşulandygyny ýatladýarys. Şondan bäri Serdar Azmun toparda 44 gezek çykyş edip, 5 gol geçirdi we 5 asist berdi.