Turkmenportal logo
20.06.23
3116731167
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gadymy altyn ýüzük tapan erkek kişi millioner boldy

Beýik Britaniýaly erkek kişi meýdanda altyn ýüzük tapdy, ol gadymy tapyndy bolup çykdy. Ol ýüzügi auksionda satyp, 23 müň funt sterling (2,5 million rubl töweregi) gazandy diýip, «MIR 24» ýazýar.


Albert Teýlor Rokswel şäherinden uzakda bolmadyk ýerde gezim edip ýörkä, ýüzük tapdy, agramy 8 gram bolan ýüzügiň gaşynda ganatlaryny geren ýyrtyjy guş şekillendirilipdir. Şeýle-de, onda «al for ye best», ýagny «ählisi oňat bolar» diýen ýazgy haşamlanan ekeni.


Erkek kişi ilki tapyndyny Britan muzeýine hödürledi, ýerli häkimiýetlere habar berdi, emma hiç kim muňa o diýen ähmiýet bermedi. Britaniýaly ahyry ýüzügi Londondaky söwda-satyg auksionynda 18 müň funt sterlinge satdy, toplaýjylaryň hakyny goşmak bilen, Teýlor 23,4 müň funt sterling gazandy.


Brett Hammond auksion öýüniň wekiliniň sözlerine görä, ýüzük Angliýada XIV asyrda ýaşan kazy Uilýam Skrine degişli bolmaly.