Maşadyň Söwda palatasynda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň işewür wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Iki günlük çäre iki ýurduň söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy diýlip, Eýranyň «Tahlilbazaar» maglumat-seljeriş web sahypasynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşyk iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen geçirildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bu duşuşykda çykyş edip, geljek aýda Aşgabatda Eýran bilen Türkmenistanyň Bilelikdäki Ykdysady Komissiýasynyň 17-nji mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Ilçi, şeýle hem, söwda gatnaşyklaryny we syýahatçylygy ösdürmek üçin wiza amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly birnäçe meseläniň çözülmeginiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Maşatdaky baş konsuly Ylýas Gaýypow Türkmenistanyň Horasan Rezawi, Demirgazyk Horasan we Gülüstan ýaly goňşy welaýatlar bilen söwda hem-de medeni gatnaşyklary giňeldendigini aýtdy. Şeýle hem ol üç serhet geçelgesi bolan Horasan Rezawiniň Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna çykýan derwezedigini belledi.
Duşuşykda türkmen tarapy Eýrana eksporty giňeltmek we bilelikdäki degişli taslamalary öňe sürmek mümkinçiligini öwrenmek meselesine ünsi çekdi.
Horasan Rezawi welaýatynyň senagat, magdan we söwda boýunça baş direktory Amirreza Rajabiniň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynda bu welaýatyň paýy, takmynan, 33 göterime, ýagny, takmynan, 500 million dollara barabardyr.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň geçen ýyl 55 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.