Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 km günorta-günbatarda gurulýan Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy bilen baglylykda toý sadakasy berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde Beýik Biribardan ýurduň abadançylygy, halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagy dileg edildi.
Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy.
Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berendigini hem-de täze şäherde ulanyljak gulluk we jemgyýetçilik ulaglarynyň açarlaryny gowşurandygyny habar beripdik.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyrynyň çäklerinde her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň 5-sini, hersi 320 orunlyk 9 sany çagalar bagyny, saglyk öýüni, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň binasyny, demir ýol menzilini, awtoparky, awtobus duralgasyny we olary bellige alyş merkezini gurmak meýilleşdirilýär.
Şeýle-de şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyrynda ähli ekologik talaplara laýyk gelýän, ýerli çig mallary gaýtadan işläp, önüm öndürmeklige niýetlenen senagat toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.
Şäheriň gurluşygynyň 2-nji tapgyry 2026-njy ýylda tamamlanar.

