Turkmenportal logo
16.06.23
3239832398
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyrynyň düýbi tutuldy
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyrynyň düýbi tutuldySurat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şeýle-de döwlet Baştutany bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.




Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň çäklerinde, täze şäherde ulanyljak, ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar – elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi.



Soňra bu ýerde türkmençilik däp-dessuryna eýermek bilen, başy başlanýan asylly işleriň rowaç bolmagy dileg edilip, toý sadakasy berildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, senagat desgalary gurlar.