Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi

11:2917.06.2023
0
82417

Garyşyk tutluşyk boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow millionlarça tomaşaçylary özüne çeken «Kuruluş: Osman» atly türk filminiň dördünji möwsüminiň surata düşürilişine gatnaşýar.

Ýagşymyradow güýçli imperiýa döreden Osman begiň wepaly esgeri konýaly Balaban Alpyň keşbini ýerine ýetirýär. Döwletjanyň keşp janandyran täze filmi häzirki wagtda ATV ýaýlymynda tomaşaçylara hödürlenilýär.

Döwletjan Ýagşymyradow ozal filmiň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi.

Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly gyzykly taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.

Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator MMA guramasy bilen şertnama baglaşan ilkinji türkmenistanly türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň