Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň sanly işler ministri Taro Kononyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda sanlylaşdyrma pudagynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar häzirki zaman dünýäsinde sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň möhümdigini we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ornuny belläp geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.