Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Garry zenan öz patasynda «direldi» we tabydyň gapagyny kakdy

18:2914.06.2023
0
33810

Ekwadorda lukmanlar tarapyndan amanadyny tabşyrdy diýlip yglan edilen zenan patada özüne geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ol agyr ýagdaýda hassahana eltildi. Lukmanlar ony halas etmek üçin elde baryny etdiler, emma netije bermedi. Lukmanlar zenanyň ölendigi barada güwä haty berdiler. Merhumy öýüne getirip, tabyda ýerlediler we degsin çäresine girişdiler.

Hoşlaşyk wagty tabytdan geň sesler eşidilip başlandy: merhum zenan onuň iç ýüzünden gapagy kakýardy, onuň agyr dem alýandygy eşidilýärdi.

Häzir zenany ýene hassahana ýerleşdirdiler. Onuň dogan-garyndaşlary lukmanlaryň üstünden şikaýat bilen kazyýete ýüz tutmakçy bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň