Turkmenportal logo
13.06.23
3069630696
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stiwen Jerrard «Al-Ittifakyň» baş tälimçisi boldy
Stiwen Jerrard «Al-Ittifakyň» baş tälimçisi boldy

«Liwerpulyň» ozalky futbolçysy, «Aston Willa» bilen «Reýnjersiň» ozalky tälimçisi Stiwen Jerrard tälimçilik ýoluny Saud Arabystanynyň «Al-Ittifak» toparynda dowam eder. Bu barada «Çempionat» italiýaly žurnalist Nikolo Skira salgylanyp habar berdi.


Mundan ozal angliýaly tälimçi bilen grekleriň «Olimpiakos», türkleriň «Trabzonspor» toparlarynyň hem gyzyklanandygy habar berlipdi. «Aston Willa» Jerrardy geçen ýylyň oktýabr aýynda işden boşadypdy. Häzire çenli ol işsiz boldy.


«Al-Ittifak» Saud Arabystanynyň çempionatynyň geçen möwsümini ýedinji orunda tamamlady. Stiwen Jerrarddan soň ykbalyny Unai Emerä ynanan «Aston Willa» hem APL-i ýedinjilikde tamamlady.


Saud Arabystanynyň çempionatynda Kriştianu Ronaldu, Karim Benzema ýaly dünýä ýyldyzlarynyň futbol oýnaýandygyny ýatladýarys.