Turkmenportal logo
12.06.23
2623126231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze ilçisini kabul etdiSurat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, koreýaly diplomat Ji Kýu-Tek wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmalary beýan edildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbitlerine gönükdirilen diplomatik işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.


Döwlet Baştutany Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda okgunly ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini belledi.


Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigi bellenildi. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň forumynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi we üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Gaz pudagy, himiýa senagaty, söwda-ykdysady we ulag ulgamlary, parlamentara gatnaşyklar ýaly dürli ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.


Diplomat mähirli kabul edilendigi we netijeli gepleşikler üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenilen wezipäni ýerine ýetirmek, iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.