Soňky habarlar

Arhiw

«Rolan Garros» — 2023: Swýontek ýene çempion

15:1411.06.2023
0
23223

Dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek «Rolan Garros» — 2023-iň ýekelikdäki bäsleşiginiň çempiony boldy. Ol finalda çehiýaly Karolina Muhowany üç setde — 6/2, 5/7, 6/4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, Iga Swýontek soňky 16 ýyllykda «Rolan Garrosda» çempionlyk titulyny gorap bilen ilkinji tennisçi boldy. Ol geçen ýyl hem bu ýaryşda çempion bolmagy başarypdy. Mundan ozal belgiýaly tennisçi Jýustin Enen 2005-2007-nji ýyllar aralygynda bassyr üç gezek çempion bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, bu ýeňiş Iga Swýontek üçin «uly tuwulgalaryň» finallaryndaky dördünji üstünlikdir. Onuň hasabynda «Rolan Garrosda» gazanylan üç çempionlyk (2020, 2022, 2023) we «US Opende» gazanylan bir çempionlyk (2022) bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň