Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Goňurdepede täsin tapyndylar ýüze çykaryldy

10:3009.06.2023
0
35709
Goňurdepede täsin tapyndylar ýüze çykaryldy
Surat: sng.fm

2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Goňurdepede Türkmen-rus Margiana arheologiki ekspedisiýasy nobatdaky meýdan möwsümini geçirdi. Arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli dört ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlandygyny bellemek gerek.

Taslamanyň we ylmy hünärmenler toparynyň ýolbaşçysy, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa geçen möwsümde ýüze çykarylan adaty bolmadyk tapyndylar barada gürrüň berdi. Bu «Голос СНГ» neşiri tarapyndan habar berildi.

Surat: sng.fm

Dubowa geçen möwsümde adaty bolmadyk tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, arheologlar keramika bölekler bilen gaplanan togalak görnüşinde toýun toplarynyň sekizisini tapdylar. Goňurdepede şu wagta çenli şeýle zatlar tapylmandyr. Alymyň aýtmagyna görä, olar däp-dessur maksatlary üçin ulanylypdyr.

Şeýle hem bu ýerden kesilen konus görnüşli dürli reňki daş heýkeljikleri tapyldy. Bu tapyndylar barada Nadežda Dubowa şeýle diýdi: «Ýüze çykarylan bu tapyndylar küşt mallaryna meňzeýär. Şu nukdaýnazardan seretseň, gipotetiki taýdan, 4 müň ýyl mundan ozal Margianada ýaşaýan adamlaryň bu intellektual oýny oýnan bolmagy ahmal diýen netijä gelip bileris».

Surat: sng.fm

Goňurdepe gadymy Margiana degişli bolan şäherdir. Bu taryhy ýer 1972-nji ýylda meşhur arheolog, doktor Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň (1929 — 2013) ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan açyldy. Bu şäherçe Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Murgap derýasynyň köne akymynyň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerden 4000 ýyl gowrak mundan ozal, bürünç eýýamynda gülläp ösen ilatly ýerleriň yzlary tapyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň