Turkmenportal logo
07.06.23
3688636886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Surat: trend.az

Akif Çagataý Kylyç Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi wezipesine bellendi. Bu barada «Rəsmi Qəzete» neşirinde habar çap edildi diýip, «Trend» ýazýar. Öň Akif Çagataý Kylyç Beýik Millet Mejlisiniň daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň başlygy, ýaşlar, sport ministri, deputat bolup işledi.


Rejep Taýyp Ärdogan şeýle-de Ybragim Kalyny Türkiýäniň Milli razwedka gullugynyň başlygy wezipesine belledi. Kalyn bu wezipede Hakan Fidany çalyşdy. Kalyna ilçi derejesi berildi.


Hakan Fidan Türkiýäniň daşary işler ministri wezipesine bellendi, ol bu wezipede Mewlut Çawuşogluny çalyşdy.


Türkiýäniň wise-Prezidenti wezipesine Jewdet Ýylmaz bellendi, ol bu wezipede 159 gün işlän Fuat Ýylmazy çalyşdy diýip, «Anadolu» neşiri habar berdi.