Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada Magtymguly Pyragynyň italýan diline terjime edilen ilkinji goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirýär

16:0706.06.2023
0
26744

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa we Italiýanyň medeniýet ministri Jennaro Sanjuliano bilen bolan duşuşygyň dowamynda aýdyldy. Duşuşykda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek dabaralaryň giň toplumynyň çäginde bu möhüm senä bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramaga üns berildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň ilkinji gezek italýan diline terjime edilen, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirmegi meýilleşdirýändigi beýan edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 4-7-nji iýun aralygynda Rimde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş saparynda bolýar.

Bu sapar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýandygyny bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň