Soňky habarlar

Arhiw

Mährijemal Mämmedowa Italiýanyň medeniýet ministri bilen duşuşdy

12:3706.06.2023
0
39130

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa we Italiýanyň medeniýet ministri Jennaro Sanjuliano bilen iki halkyň baý arheologiki mirasyny öwrenmek, medeni hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de 2030-njy ýylda EXPO-ny Italiýada geçirmek boýunça dalaşgärligini öňe sürmeginiň konsepsiýasy baradaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan Italiýa bilen arheologiýa pudagy boýunça ençeme ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Muňa mysal hökmünde Italiýanyň Ligabuýe ylmy merkeziniň wekili Gabriýel Rossi-Osmidanyň Goňurdepede türkmen-italýan arheologik gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edip, 10 ýylyň dowamynda bu ýerde alyp baran işleriniň netijesinde «Margiana: Goňurdepe gonamçylygy» atly kitabyny ýazandygyny görkezmek bolar.

Mundan başga-da medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-italýan iş toparynyň döredilip, netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek.

Türkmen-italýan bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde Italiýanyň muzeýleriniň birinde bürünç eýýamyna degişli bolan türkmen eksponatlarynyň sergisini guramak hem-de Italiýada Margiananyň we Gadymy Parfiýanyň arheologiki gymmatlyklarynyň sersigini guramak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň