Türkmenistanda Russiýanyň kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler, Türkmenistan HHR-e tebigy gazyň eksportyny artdyrdy, türkmen telekeçileri Türkiýedäki halkara sergä gatnaşarlar we beýleki habarlar

12:1906.06.2023
0
31600

Türkmenistanda

1. 9 – 14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Russiýanyň kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler. Görkezişler iki ýerde: «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda geçiriler. Hepdeligiň maksatnamasy russiýaly kinomatograflarynyň täze animasiýa filmlerini we kinofilmlerini öz içine alýar. Olaryň hatarynda «Çeburaşka», «Jadygöýler» we beýlekiler bar. Şeýle hem 11-nji iýunda Russiýa güni baýramçylygy mynasybetli konsert geçirmek meýilleşdirilýär.

2. 2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan HHR-e, takmynan, 2,9 milliard kub metr tebigy gaz ibermek bilen, bu ugurdaky eksportyň mukdaryny has-da ýokarlandyrdy. Ýazyň birinji aýynda Hytaýa iberilen türkmen gazynyň mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,8% köp boldy. Häzirki wagtda ýurt Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan geçýän üç turbageçiriji arkaly HHR-e gaz iberýär. Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistan Hytaý bilen gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy barada ylalaşdy. Bu şahanyň işe girizilmegi bilen Türkmenistandan HHR-e iberilýän tebigy gazyň ýyllyk mukdary 65 milliard kub metre çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar.

3. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Türkiýede geçiriljek «Food Stambul Expo 2023» halkara sergisine gatnaşarlar. Azyk senagaty boýunça iň iri köp ugurly gözden geçiriş 12 – 14-nji iýul aralygynda geçiriler. Sergä onlarça ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan ugurdaş pudagyň wekilleri gatnaşarlar.

4. Aşgabatdaky Fransuz instituty fransuz dilini öwrenmek üçin intensiw tomus sessiýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Iýul sapaklary 10-njy iýulda başlanar we 6-njy awgusta çenli dowam eder. Awgust sapaklary 7-nji awgustda başlanar we 3-nji sentýabra çenli dowam eder.

5. Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitleriň häkimleri bilen geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň başlanandygyny belledi. Şeýle hem 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi barada aýratyn tabşyryklar berildi.

Dünýäde

6. Gazagystanly daýhan Aleksandr Sofin diňe ertekilerde duş gelýän – gök gözli ak atlary köpeldýär. Ol adaty bolmadyk reňkli atlary döretmek üçin 23 ýyl sarp etdi we seçgi işleri henizem dowam edýär. Daýhan adaty bolmadyk reňki döretmäge dor atlardan başlapdyr. Dört ýyllyk seçgi işlerinden soň ilkinji ak taýçanak dünýä indi. Indi eýýäm her üçünji at ak reňkde. Olar ömrüniň dowamynda reňkini üýtgetmeýärler. Indi iki ýüz sany ak at bar, daýhan bäş ýyldan atlaryň ählisini ak reňkli edip, olaryň baş sanyny 500-e ýetirmegi meýilleşdirýär.

7. Fransiýada köçe diktanty geçirildi, ol Ginnesiň Rekordlar kitabyna dünýäde iň köp adamyň gatnaşan diktanty hökmünde girer. Bu çäre Ýeliseý meýdanynda geçirildi we bäş müňden gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Diktant üç tapgyrda ýazyldy. Birinjisine şol bir wagtyň özünde 1377 adam gatnaşdy. Ýeliseý meýdany komitetiniň başlygy we «Uly diktantyň» guramaçysy Mark-Antuan Žame çäräni geçirmek üçin Ýeliseý meýdanynda 1779 partanyň ýerleşdirilendigini we sagat 07:00-dan 23:00-a çenli ulaglaryň hereketiniň togtadylandygyny aýtdy.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tennisçileri 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Owganystanyň toparyndan üstün çykdy. Ýekelikde geçirilen ilkinji duşuşykda Süleýman Hudaýberdeýew Muzammil Aýubini 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi. Şondan soň Owganystanyň milli ýygyndysy duşuşygy dowam etdirmekden ýüz öwürdi we olaryň ýeňlişe sezewar bolandygy yglan edildi. Şeýlelik bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gapma-garşylygyň soňky netijesi 3:0 boldy. Ýatlatsak, Aşgabatda geçirilýän ýaryşda Türkmenistan toparynyň bäsdeşleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň milli ýygyndylarydyr. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşynda (U-12) Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna ýurduň ilkinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý ýolbaşçylyk edýär.

9. Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda 2023-nji ýylyň ýaryşy üç oýun bilen başlanýar, ýaryş 14-nji iýunda tamamlanar. Birinji tapgyrda «Altyn asyr» «Ahal» bilen, «Aşgabat» «Merw» bilen, «Şagadam» bolsa «Energetik» bilen oýnar. Ýaryşa Ýokary liga wekilçilik edýän alty topar gatnaşýar. Duşuşyklar aýlaw ulgamy boýunça bir aýlawda geçiriler, ýeňiji toplanan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.

10. Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisiniň Senaty ýurduň futbol toparlaryny 2026-njy ýyla çenli salgytdan boşatmak hakynda kanuny tassyklady. Salgyt ýeňillikleri üç ýyl – 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam eder we Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasyna, onuň sebit bölümlerine, «Özbegistanyň Professional futbol ligasy» jemgyýetçilik birleşigine we Futbol eminleri merkezine degişlidir. Mundan başga-da, senatorlar daşary ýurt sport enjamlary we gurallary üçin goşulan baha üçin salgydyň ýatyrylmagyny tassykladylar. Kanun çykaryjylaryň pikiriçe, Özbegistanyň Salgyt kodeksine girizilen bu üýtgetmeler futbol toparlarynyň işine, milli ýygyndy toparlaryň türgenleşigine we ýurtda iri futbol çäreleriniň geçirilmegine oňyn täsir eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň