Turkmenportal logo
05.06.23
2630026300
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýada köpçülikleýin diktant ýazmakda dünýä rekordy goýuldy
Surat: gazeta.ru

Parižiň Ýeliseý meýdanynda geçen köçe diktant ýazylyşygy dünýäde iň köp adam gatnaşan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, BFM TV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Oňa 1397 adam gatnaşdy diýip, teleýaýlym habar berdi. Ýygnananlar fransuz ýazyjysy Alfons Dodeniň «Meniň harazymdan iberilen hatlar» atly eserinden parçanyň okalmagynda diktant ýazdylar. Waka bilen baglylykda, uzak gün bu ýerde awtoulag hereketi ýapyldy.