Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda «gapydan gapa» poçta hyzmaty ýola goýuldy

17:1205.06.2023
0
37691

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem «Türkmenpoçta» PAK-nyň häzirki zaman hyzmat talaplaryna laýyk gelýän şahamçalary hereket edýär. Hyzmatlaryň ýokary derejesi, baý tejribesi we sazlaşykly logistika ulgamy kompaniýa gysga wagtyň içinde bellenilen ýerlere, hatda ýurduň çetki nokatlaryna we barmasy kyn bolan etraplara hem zerur ýollamalary eltip bermäge mümkinçilik döredýär.

Kompaniýanyň «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatlarynyň meşhurlygy günsaýyn artýar. Bu hakykat «Türkmenpoçta» ösüş üçin, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge itergi berýär. Onuň müşderilerileriniň hatarynda aýratyn şahsyýetler we hususy telekeçiler, şeýle hem internet-dükanlary, iri guramalar bar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda müşderi çapary öýüne ýa-da iş otagyna çagyryp, gaplamak we saklamak hyzmatlaryny sargyt edip biler, ýollamanyň ýa-da beýleki bukjalaryň ýerleşýän ýerini yzarlap biler.

Şeýle hem «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy özüniň işläp düzen «Çapar» ykjam programmasyny kämilleşdirmek we onuň işleýiş mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça işlerini dowam etdirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň