Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan kasam kabul etdi

18:2703.06.2023
0
25121
Ärdogan kasam kabul etdi
Surat: trend.az

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan şu gün resmi taýdan wezipä girişýär. Ol Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kasam kabul etdi. Oňa Prezidentlik şahsyýetnamasyny Mejlisiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Dewlet Bahçeli gowşurdy. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Ärdogan kasam kabul etmek dabarasynda sözlän sözünde şeýle diýdi: – Men Prezident hökmünde döwletiň binýadyny we garaşsyzlygyny, Watanyň we milletiň bölünmez bitewiligini, milletiň özygtyýarlylygyny gorajakdygyma, Konstitusiýa, kanunyň hökmürowanlygy, demokratiýa, Atatürk däpleri we özgertmeler, şeýle-de dünýewi respublikan ýörelgesi esasynda, Beýik Türk milletiniň we taryhynyň öňünde jogapkärçiligimi bilip, bar güýjüm bilen işlejekdigime, Türkiýe Respublikasynyň şöhratyny we abraýyny goramak üçin, borjumy gyşarnyksyz berjaý etjekdime hormat bilen kasam edýärin.

Habar berşimiz ýaly, bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şol sanda dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşýar. Belläp geçsek, Ärdogan Prezident saýlawlarynda 28-nji maýda geçirilen ikinji tapgyrda ýeňiji boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň