Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi

15:1103.06.2023
0
27464
Türkmenistan BMG-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirdi
Surat: un.mission.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan BMG-niň ştab-kwartirasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabara geçirildi. 2-ni iýunda geçirilen bu dabara Türkmenistanyň, Bahreýniň, Ekwadoryň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Lihtenşteýniň, Polşanyň hem-de Rumyniýanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Dabara BMG-niň baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Prezidenti Çaba Korýöşi, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiller we Guramanyň sekretariatynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenstanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa dabarada giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda dabara gelen ähli myhmanlara minnetdarlyk bildirip, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-ni Baş Assambleýasynda kabul edilen 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakdaky Kararnamanyň daşky gurşawy we adam saglygyny goramak bilen bagly çäreleri ýaýbaňlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle-de welosipedi jemgyýetçilik ulagy hökmünde ulanmagyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmekde wajyp orun tutýandygyna ünsi çekdi.

Dabaranyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň Prezidenti Çaba Korýöşi hem söz sözledi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda welosiped bilen bagly kabul edilen kararnamalaryň ähmiýetini ýokary baha berdi. Hususan-da, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Kararnamanyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy wezipä — howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklaryň oňyn çözgüdini tapmaga gönükdirilen resminamadygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň