Turkmenportal logo
03.06.23
3118731187
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa dünýäde bugdaýy iň köp eksport ediji ýurt boldy
Surat: rbc.ru

Russiýa 2022-nji ýylda bugdaýy eksport ediji ýurtlaryň sanawynyň başyny çekdi we azyk harytlaryny eksport ediji döwletleriň sanawynda 18-nji orna çykdy diýip, ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary Wiktoriýa Abramçenko habar berdi. Bu barada «Vesti.ru» ýazýar.


Russiýa oba hojalyk harytlaryny 160 ýurda eksporta iberýär, hökümet azyk harytlarynyň eksportyny goldamak barada çäreleri görýär diýip, Abramçenko nygtady.


2022-nji ýylda RF dänäniň umumy hasyly babatda rekord netije gazandy. Ýurtda däne önümleriniň 157,676 million tonnasy ýygnaldy we bu 2021-nji ýyldakydan 29,9 göterim artykdyr. Şol sanda bugdaýyň 104,237 million tonnasy ýygnalyp, ösüş 2021-nji ýyldakydan 37 göterim ýokary boldy.


2023-nji ýylda däne hasylynyň möçberi 123 million, şol sanda bugdaýyň hasyly 78 million tonna bolar diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrligi çaklaýar.


Şu ýyl Russiýa daşary ýurtlara dänäniň 50-55 million tonnasyny eksport etmegi meýilleşdirýär diýlip, habarda aýdylýar.