«TM Trade» onlaýn platformasy daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen kärhanalary barada zerur maglumatlary tapmaga ýardam edýär

12:0203.06.2023
0
41427

«TM Trade» ýeke-täk onlaýn söwda platformasy öz sahypalarynda ýüzlerçe türkmen kärhanalary baradaky zerur maglumatlary jemleýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän telekeçilere ol ýa-da beýleki bir kärhana, ýa bolmasa-da işewürlik ugry boýunça gerekli bolan maglumatlary ýeňil tapmaga ýardam edýär.

«TM Trade» şeýle-de daşary ýurtly importçylara we eksportçylara Türkmenistandan potensial hyzmatdaşlaryň alyp barýan işi barada maglumatlary gözlemäge mümkinçilik berýär. Hut daşary ýurtly telekeçilere aňsat bolmagy üçin «TM Trade» platformasynyň maglumatlaryny diňe bir türkmen we rus dillerinde däl-de, eýsem iňlis hem-de türk dillerinde okamak hem elýeterli edildi.

Has giňişleýin maglumat almak üçin salgylar:

  • telefon belgileri: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46;
  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 157 А jaý, «Telekeçi söwda merkezi» binasy;
  • elektron poçta salgysy: info@trade.com.tm;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň