Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi

22:1202.06.2023
0
26469

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Karary bilen, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. Şeýle-de pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň