Turkmenportal logo
02.06.23
2660926609
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama işlenip düzüler
Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama işlenip düzüler

Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna ygtybarly we netijeli goşulmagyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri utgaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.



Şeýle-de okaň: