«Rolan Garros» — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy

18:1301.06.2023
0
24031

«Rolan Garros» — 2023-iň zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda dünýä reýtinginiň ilkinji onlugynyň ýene bir wekili turniri terk etdi. Has takygy, dünýäniň bäşinji raketkasy fransiýaly Karolin Garsiýa ikinji tapgyrda WTA reýtinginiň 56-njy basgançagyny eýeläp duran russiýaly Anna Blinkowadan asgyn gelip, ýaryşdan çykdy. Üç set dowam eden oýun 4/6, 6/3, 7/5 hasabynda russiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy.

Anna Blinkowa ýaryşyň üçünji tapgyrynda ukrainaly Elina Switolina bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal zenanlaryň arasynda dünýäniň sekizinji raketkasy gresiýaly Mariýa Sakkariniň «Rolan Garros» — 2023-iň birinji tapgyrynda çehiýaly Karolina Muhowadan ýeňlip, ýaryşdan çykandygyny habar beripdik. Mundan başga-da, bäsleşigiň birinji tapgyrynda dünýäniň onunjy raketkasy çehiýaly Petra Kwitowa hem italiýaly Elizabetta Koççiarettodan utulyp, turnir bilen hoşlaşdy. Şeýlelikde, ýaryşyň üçünji tapgyryna çenli dünýä reýtinginiň ilkinji onlugynyň üç wekili ýaryşdan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň