Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup ― 2023» ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy

10:1401.06.2023
0
28356

Baş tälimçi Mergen Orazow Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 25 futbolçyny çagyrdy. Futbolçylaryň sanawy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda paýlaşyldy.

Sanawdaky futbolçylaryň 17-si Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş edýän «Arkadag» toparynyň futbolçylarydyr. Şeýle hem baş tälimçi «Altyn asyrdan» 3, «Ahaldan» 2, «Köpetdagdan» bolsa bir futbolçyny düzüme çagyrdy. Düzümde legionerleriň ikisi bar.

Ýeri gelende aýtsak, sebit ýaryşynda baş tälimçä Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Kemal Gurbanow, Batyr Rozyýew, Ildar Täşliýew we Pawel Matus dagylar ýardam berer.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:

«Arkadag» futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Rasul Çaryýew – derwezeçi, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mekan Saparow, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow.

«Altyn asyr» futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Batyr Babaýew – derwezeçi, Ahmet Ataýew, Myrat Annaýew.

«Ahal» futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Ata Geldiýew, Meýlis Diniýew.

«Köpetdag» futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Döwletýar Berdiýew – derwezeçi.

Daşary ýurtlaryň çempionatlaryndan çagyrylan oýunçylar:

Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Mirza Beknazarow («Narwa-Trans», Estoniýa).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň