Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi

11:2301.06.2023
1
28521

«Turkmenportalyň» habarçysy 30-njy maýda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde ýakynlaşyp gelýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty, bu çempionat üçin milli ýygyndynyň öňünde goýan maksady, «Wilçarrealdaky» tejribelik, tejribeli ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň milli ýygynda çagyrylmazlygynyň sebäbi we beýleki meselelerdir wezipeler barada pikir alyşyldy.

― «CAFA Nations Cup-2023»-de türkmen ýygyndysy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşar. Çekilen bije barada pikirleriňiz.

― Toparçanyň juda güýçlüdigini aýdyp oturmagyň hajaty hem ýok. Ýöne biz muňa begendik, çünki bu ýaryşa Dünýä kubogy ― 2026-nyň oktýabr ― noýabr aýlarynda geçiriljek saýlama duşuşyklary üçin taýýarlyk hökmünde seredýäris. Şol taýýarlygyň çäginde Aziýanyň Özbegistan, Oman ýaly has güýçli ýygyndylary bilen duşuşyk geçirmek biziň üçin ajaýyp terjibe bolar.

― Garşydaşlaryň hüjümlerini serpikdirmek barada nähili pikirleriňiz bar? Esasan hem, Özbegistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodowa garşy oýnamak kyn bolsa gerek.

― Bu wezipäniň üstünde işleýäris. Bir maksadymyz bar, ony türgenleşiklerde has-da kämilleşdirjekdigimize ynanýarys.

― Ýygyndy ýaryşa nirede taýýarlanar? Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna haçan başlamagy meýilleşdirýärsiňiz?

― Ýygnanyşygymyz 2-nji iýun güni Russiýanyň Moskwa oblastynyň Egorýewsk şäherinde başlanar. 9-njy iýunda bolsa biz ýaryşyň geçiriljek ýerine ― Daşkent şäherine bararys.

― Ol şäherdäki türgenleşik bazasyny saýlap almagyňyzyň sebäbi näme?

― Ilkinji aýdylmaly zat gidim-geliminiň ýeňilligi. Onsoň hem şol şäheriň howa şertleri gowy. Türgenleşmek üçin hem gowy mümkinçilikler bar. Üstesine-de, daş-töwerekde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, güýjümizi barlap görmäge mynasyp toparlar bar. Ýöne esasy mesele ― gidim-gelim. Artykmaç uçmaly bolanok.

― Ýogsa-da, okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem meýilleşdirýänsiňiz.

― Hawa, iki duşuşyk meýilleşdirýäris. Häzir Russiýanyň çempionatynda oýunlar oýnalanok. Biziň garşydaşlarymyzyň biri Russiýanyň Premýer ligasynyň, ikinjisi bolsa Birinji ligasynyň wekili bolar.

― Sebit ýaryşyndaky garşydaşlarymyzda daşary ýurtlarda oýnaýan oýunçylar kän. Bu ýagdaý olara artykmaçlyk berip bilermi?

― Elbetde, Ýewropanyň we Aziýanyň iň gowy klublaryndaoýnaýan oýunçylaryň bolmagy islendik milli ýygyndy üçin hem artykmaçlyk. Hut, şonuň üçin hem biz ýaryşa taýýarlyk üçin daşary ýurtdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny saýlap aldyk. Bu ýygnanyşygyň futbolçylarymyzyň halkara tejribesini artdyrmakda azda-kände bolsa-da täsiriniň ýetjekdigine ynanýarys.

― Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde toparyňyzda daşary ýurtlarda oýnaýan oýunçylaryň kän bolmagyny islärdiňizmi?

― Elbetde, bu kämilleşmek üçin gowy sebäp. Eger oýunçylarymyz Ýewropada, Aziýada we beýleki yklymlarda oýnap bilseler, has baý tejribä eýe bolardylar. Oýunçylaryň baý tejribesi tälimçiniň hem işini ýeňilleşdirýär.

― Gürrüň taktika barada barýarka, siziň nähili taktikada oýnatmak isleýändigiňizi bilmek hem gyzykly.

― Döwrebap futbolda dürli taktiki usullar bar. Ýöne biz olaryň belli birine bagly diýip bilmerin. Biz, esasan, oýnumyzy garşydaşa görä alyp barmagyň tarapynda. Aslynda welin, dört goragçyly we hüjüme ýykgyn edýän taktiki gurluşy gowy görýärin.

― Duşuşykda netije bermeýändigini görseňiz, taktiki usulyňyzy üýtgedýärsiňizmi?

― Oýundaher zat bolup biler. Eger ol biziň isleýşimiz ýaly gitmese, esasy meýilnamany biraz üýtgedip bileris.

― Milli ýygyndynyň CAFA-2023-däki mümkinçilikleri barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Heniz başlanmadyk ýaryşda hemişe mümkinçiligimiz bardyr. Aýdylyşy ýaly, tertip-düzgün ähli kynçylyklary ýeňip geçer. Duşuşyklara güýçli taýýarlyk bilen, özümizden güýçli hasaplanylýan garşydaşlara mynasyp jogap bermäge çalşarys. Elimizden gelen hiç bir zady gaýgyrman, janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys.

― Oýunçylary ýakyndan tanamaga ýetişdiňizmi?

― Oglanlar bilen möwsümiň başyndan bäri gatnaşyk saklaýarys. Tejribeli we geljegine umyt bildirilýän oýunçylar bilen wagtal-wagtal duşuşyp, olar bilen gürleşip durýarys. Käbir duşuşyklardaky oýun pursatlary baradapikir alyşýarys. Olardan nämä garaşýandygymyzy, özlerine nämeleri goşmalydyklaryny düşündirýäris.

― Ýaryşa alyp gitjek oýunçylaryňyzy saýlansyňyz.

― Hawa, şu gün federasiýa sanawy bereris. Häzirlikçe, diňe Ruslan Mingazowyň Daşkende gidip bilmeýändigini aýdyp bilerin. Biz bu karara oýunçynyň özi we tälimçiler düzümimiz bilen maslahatlaşyp geldik. Oňa dynç almak we maşgalasy bulen wagt geçirmek üçin mümkinçilik berdik.

Bilşiňiz ýaly, Ruslan ýakynda ýene bir ajaýyp üstünligiň eýesi boldy ― Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsüminde «Iň gowy oýunçy» diýlip ykrar edildi. Çempionat onuň üçin ýeňil bolmady. Biz oňa ynanýarys, geljekki duşuşyklarymyzdaRuslan hem öz ýeri bolar. Ýöne häzir oňa dynç almak gerek.

Geçen ýyl ýaşlar ýygyndymyzyň düzüminde Aziýanyň kubogynda üstünlikli çykyş eden futbolçylaryň käbirini hem milli ýygynda çagyrmagy meýilleşdirýäris. Olaryň arasynda Mirza Beknazarow, Rasul Çaryýew, Welmyrat Ballakow ýaly ýaşlar bar.

― «Wilýarrealyň» akademiýasyndaky tejribelik, ol ýerde görenleriňiz we alan tejribäňizi türkmen ýygyndysynda ulanmak babatdaky meýilleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz.

― Juda kämil akademiýadan başga-da «Wilýarrealda» öwrenere zat kän. Kluby örän haladym. Tutuş tejribelikden iki aýratynlygy ýörite belläsim gelýär: olaryň biri döwrebap sanly ulgamdan aňryçäk derejede peýdalanmak, ikinjisi bolsa oýunçylaryň psihologik ýagdaýy babatynda olar bilen birme-bir iş geçirmek ussatlygy.

Sanly tehnologiýalar babatynda aýdylanda, biz eýýäm milli ýygyndyda olardan köpräk peýdalanmaga başladyk. Oýunçylarymyza ýörite sensorlary birikdirip, olaryň ýüreginiň urşy, bedeniniň ýylylygy, ylgaw tizligi, umumy geçen aralygy barada maglumatlary alyp durýarys. Şol ýagdaýlary gözden geçirip, geljekki oýunlary oýunçylaryň fiziki we psihiki ýagdaýyna görä kesgitleýäris.

Biz oýunçy psihologiýasy babatynda hem iş alyp barýarys. Bu babatda ýörite edebiýatlardan peýdalanýarys. Oýundaky dürli ýagdaýlar babatynda futbolçylary psihologiki taýdan taýýarlamaga aýratyn üns berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Nazzzzzar ( 04.06.2023 )

а почему не вызвали Рахата Джапарова и Шохрата Союнова?

1