«Berkarar» SDAM-däki «Samsung» we «Elektronika dünýäsi» hojalyk tehnikalarynyň dükanlary telewizorlar üçin tomusky aksiýanyň başlanandygyny habar berýär

22:0031.05.2023
0
33411

«Elektronika dünýäsi» we Berkarar SDAM 1-nji gatda ýerleşýän «Samsung» dükanlary telewizorlar üçin tomusky aksiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Tomusyň ilkinji aýynyň birinji gününden, has takygy 1-nji iýundan başlap, telewizorlaryň ähli görnüşlerine 35% arzanladyş yglan edilýär, şeýle hem olara 2 ýyl kepillik berilýär. Mundan başga-da, aksiýanyň çäklerinde «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlary islendik brendiň islendik ýagdaýdaky telewizoryny gaýtadan ulanyşyga tabşyryp, «Samsung» brendiniň birnäçe telewizorlarynyň modellerine 3000 manat arzanladyş gazanmak teklip edýär.

Belläp geçsek, ýaňy ýakynda «Elektronika dünýäsi» we «Samsung» dükanlary uly üstünlik bilen kir ýuwujy maşynlary gaýtadan ulanyşyk aksiýasy geçirdiler. Häzirki telewizorlar bilen baglanyşykly aksiýa müşderileriň haýyşlary boýunça gurnalýar. Täze enjamlary satyn almakda hojalyk tehnikalarynyň köne nusgalaryny tabşyrmak boýunça bu tejribe bütin dünýäde işjeň ulanylýar.

Dükanlaryň salgylary:

  • «Elektronika dünýäsi» – Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji jaý. Telefon: (+993 60) 14 22 53, (+993 60) 14 22 55 (hyzmat ediş merkezi). Sosial ulgamdaky sahypasy;
  • «Samsung» – Aşgabat, «Berkarar» SDAM, 1-nji gat. Telefon: (+993 60) 14 22 52. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň