Türkmenistanly türgenler Buharestde erkin we grek-rim göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandylar

17:3231.05.2023
0
20813

Türkmenistanly türgenler Rumyniýanyň Buharest şäherinde sport göreşi boýunça geçirilen «Dumitru Pirwulesku we Wasile Iorga» atly halkara ýaryşynda medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Olaryň üçüsi hem kümüş medaldyr.

Sport göreşiniň öz düzümine erkin we grek-rim göreşini alýandygyny ýatladýarys. Halkara ýaryşda bu iki görnüş boýunça Türkmenistana 15 türgen wekilçilik etdi.

Medallary 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşan türkmenistanlylaryň gazanandygyny aýratyn bellemek gerek. Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Amir Hamaýyn bilen 61 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Nurýagdy Baýramdurdyýew final tutluşyklaryna çenli üstünlikli ýetip, diňe finaldaky garşydaşlaryndan asgyn geldiler.

Abduwali Rahimbaýew bolsa grek-rim göreşi boýunça 55 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklarda hormat münberiniň ikinji ornuna çykdy.

Bu üstünlikler erkin göreş we grek-rim göreşi boýunça şu ýyl gazanaylan halkara üstünlikleriň ilkinjisi däldir. Türkmenistanly erkin göreşçiler şu ýylyň fewral aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen halkara ýaryşda hem medallaryň 11-sine mynasyp boldular. Maý aýynyň ortasynda Buharetde 17 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda bolsa türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine we bir sany kümüş medala mynasyp boldular.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda sportuň olimpiýa görnüşlerine girýän bu görnüşleri boýunça türgenlerimiziň ussatlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň üçin Aziýanyň üç gezek çempiony, eýranly hünärmen Reza Ýazdani Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysyna tälim bermäge çagyryldy. Türkmen türgenleriniň indiki maksady şu ýyl Hytaýyň Hanjou şäherinde geçiriljek tomusky Aziýa oýunlarynda we Pariz ― 2024-de üstünlikli çykyş etmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň