Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler

16:5931.05.2023
0
20688

Ýakynda Özbegistanyň Jizak şäherinde guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan 33 türgen gatnaşyp, olar Watanymyza medallaryň 28-si bilen dolanyp geldiler. Gazanylan medallaryň 4-si altyn, 3-si kümüş, 21-si bürünç medallardyr.

Milli ýygyndymyzyň altyn medallarynyň ikisini Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew gazandy. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýaryşan pälwan ýigit alyş göreşiniň nusgawy usuly boýunça hem, erkin usulynda hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Alyş göreşiniň erkin usulynda zenanlaryň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Öwülýakulyýewa bilen erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli derejede bolsa Abdy Durdyýew hem altyn medala mynasyp boldular. Türgenleriň ikisi hem ýokarda agzalan ýokary okuw mekdebiniň talyplarydyr.

Türkmen türgenleri yklym ýaryşyndaky kümüş medallaryň birini alyş göreşiniň nusgawy usuly, ikisini bolsa bilbagly göreşi boýunça gazandylar. Alyşyň nusgawy görnüşinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Aýnur Faýzullaýewa 76 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan bolsa, edil şeýle üstünligi bilbagly göreşinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan talyby Hajymyrat Suhanow bilen 68 kilograma çenli derejede düşekçä çykan Saýat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Guwanç Hemraýew gazandy.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, biziň türgenlerimiziň gazanan medallarynyň 21-si bürünç medallardyr. Olar bu medallaryň 5-sini alyş göreşiniň nuwgasy usuly, 6-syny şol göreşiň erkin usuly, 10-syny bolsa gazak göreşi boýunça gazandylar.

Alyş göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde Hesel Bekiýewa, 65 kilograma çenli derejede Gülnar Joraýewa, erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli derejede hajymyrat Suwhanow, 70 kilograma çenli derejede Tejen Tejenow, 80 kilograma çenli derejede bolsa Gurbangeldi Gurbangeldiýew dagylar bürünç medalyň eýesi boldular.

Erkin usulda geçirilen ýaryşda harby gullukçylar Arslan Aşyrgeldiýew (70 kilograma çenli derejede) bilen Rozymyrat Medowdan (80 kilogramdan ýokary agram derejede) başga-da, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kilograma çenli derejede), talyp gyzlar Aýnur Faýzullaýewa (75 kilograma çenli agram derejesinde), Kamila Pardaýewa (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, 66 kilograma çenli derejede) we Jemal Öwülýakulyýewa (76 kilograma çenli derejede) dagylar hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Milli ýygyndymyzyň beýleki bürünç medallaryny gazak göreşi boýunça zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli derejede Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülruh Baýramgeldiýewa, 70 kilograma çenli derejede Jemal Öwülýakulyýewa, 77 kilograma çenli derejede Aýnur Faýzullaýewa, 52 kilograma çenli derejede Türkmenabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jeren Taganowa, 56 kilograma çenli derejede Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa we 60 kilograma çenli derejede talyp türgen Kamila Pardaýewa, erkekleriň arasyndaky ýaryşda 100 kilograma çenli agram derejesinde Bagtyýar Bazarow, 55 kilograma çenli derejede Çärjew etrabyndan tälimçi Wepa Awlýakulyýew, 66 kilograma çenli derejede Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçi-mugallymy Şatlyk Jumaniýazow we 90 kilograma çenli derejede Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew dagylar eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň