Turkmenportal logo
31.05.23
2271522715
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukman stresi ýeňmegiň garaşylmadyk usulyny salgy berdi
Lukman stresi ýeňmegiň garaşylmadyk usulyny salgy berdi

Stresi, ýagny tolgunmany garaňkylygyň we ümsümligiň kömegi bilen çalt ýeňip bolar. Bu barada russiýaly fizioterapewt-lukman Swetlana Malinowskaýa maslahat berýär diýip, «MIR 24» ýazýar.


Hünärmeniň sözlerine görä, ümsümligiň peýdaly tarapy öňden subut edilendir, sessizlik diňe dartgynlylygy aýyrman, eýsem, beýniniň işini-de gowulandyrýar.


Emma tümlügiň peýdasy barada az zat bellidir. Emma Malinowskaýa ýarym garaňkylykda öz-özüň bilen galmak rahatlanmaga kömek edýär, sebäbi yşyk ýok çagynda gözüň fotoreseptorlary beýnä hiç hili täsir etmeýärler, şonuň netijesinde nerw ulgamy täzeden güýç toplaýar diýip, belledi.


Malinowskaýa şeýle-de doly garaňkylykda ýatmagyň peýdalydygyny nygtady, munuň üçin otagyň penjiresine ýagtylyk geçirmeýän tutulary germek oňaýly bolar.