Soňky habarlar

Arhiw

«JB» kompaniýasy sargyt esasynda aýnadan dürli mebelleri we önümleri taýýarlaýar

12:5831.05.2023
0
29580

«JB» kompaniýasy sargyt esasynda taplanan avnadan mebelleri we dürli önümleri – gapylary, germewleri we başga-da dürli önümleri taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

«JB-niň» hünärmenleriniň topary içerki gapylary, duş kabinalary üçin gapylary, meýdany boýunça uly giňişlikleri zolaklara bölmek üçin dury ýa-da dury däl (matowyý) aýnadan germewleri, reňkli aýnadan ýasalan aşhana örtüklerini, diwar sagatlaryny, ýazgylary we tabliçkalary, aýnalary we aýna mozaikalaryny, potolok bezeglerini (witraž), şeýle hem agaçdan önümleri: içki gapylar, plintuslary, perilalar üçin balýasinalary taýýarlaýarlar.

Mundan başga-da, «JB kompaniýasy» islendik stil ugry boýunça gabaraly we ýumşak mebelleriň – aşhana we ýatylýan otaglar üçin mebelleriň, telewizor tumbalarynyň, garderoblaryň, çagalar üçin mebelleriň, iş we kompýuter stollarynyň we başga-da dürli görnüşli mebelleriň önümçiligine ýöriteleşendir.

«JB» kompaniýasy Türkmenistanyň bazarynda 2013-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu döwürde kärhana agaç we aýna bilen işlemekde uly tejribe toplady, bu bolsa kompaniýa özünde ulanyşda ýeňilligi we çydamlylygy nepislik we owadanlyk bilen birleşdirýän özün çekiji we özboluşly nusgalary döretmäge mümkinçilik berýär.

«JB-niň» ussalary tölegsiz esasda maslahatlary berýärler, ölçeg we bahalandyrma işlerini geçirýärler, şeýle hem 3D dizaýn hyzmatlaryny hödürleýärler.

«JB-den» mebel ýa-da aýna önümlerini sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 50 70 36, 72 68 73, 76 00 12, (+993 65) 72 68 73, (+993 65) 56 15 20. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň