Soňky habarlar

Arhiw

«Rolan Garros» — 2023: Dünýäniň ikinji raketkasy birinji tapgyrda ýaryşdan çykdy

10:0231.05.2023
0
13757
«Rolan Garros» — 2023: Dünýäniň ikinji raketkasy birinji tapgyrda ýaryşdan çykdy
Surat: vedomosti.ru

Dünýäniň ikinji raketkasy russiýaly Daniil Medwedew «Rolan Garros» «uly tuwulgasyndaky» ýörişini garaşylmadyk ýagdaýda birinji tapgyrda bes etdi. Has takygy, ol turnirdäki ilkinji oýnunda dünýä reýtinginiň 172-nji basgançagyndaky braziliýaly Týago Uaýlddan asgyn geldi. 5 set dowam eden oýun 6/7(5), 7/6(6), 6/2, 3/6, 4/6 hasabynda Medwedewiň ýeňlişi bilen tamamlandy. Netijede, Medwedew ýaryşy birinji tapgyrda terk etdi. Medwedew mundan ozal şeýle şowsuzlyga 2020-nji ýyldaky «Rolan Garros» ýaryşynda duçar bolupdy.

Ýaryşy dowam etmäge hukuk gazanan braziliýaly Týago Uaýld ikinji tapgyrda argentinaly Gwido Pelýa bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň