Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Zoran Milanowiçi Horwatiýanyň Döwlet güni bilen gutlady

12:2430.05.2023
0
34862
Serdar Berdimuhamedow Zoran Milanowiçi Horwatiýanyň Döwlet güni bilen gutlady
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçe Horwatiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Zoran Milanowiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Horwatiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň