Turkmenportal logo
30.05.23
2103921039
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG: azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý 20-den gowrak ýurtda ýitileşip biler

Azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý dünýäniň birbada 22 ýurdunda ýitileşip biler. Bu barada Azyk we oba hojalyk guramasynyň hem-de BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň bilelikdäki nutugynda aýdylýar diýip, «Belta.by» ýazýar.


Hünärmenleriň pikiriçe, bu gün ýagdaýa adatdan daşary howa şertleridir ykdysady sarsgynlar hem-de gapma-garşylyklar täsir edýär. Azyk babatda has goragsyz ýurtlar Nigeriýa, Somali, Ýemen, Owganystan we Günorta Sudan bolmagynda galýar. Guramada şeýle hem Sudana, Malä, Burkina-Faso we Gaitä aýratyn üns çekýärler.