Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp

17:2329.05.2023
0
28052

ABŞ-da garaşylýan defolt bilen baglylykda, ýurtda ýaşaýan we emlägi 49,47 milliard dollardan geçýän milliarderler sanaldy. Ýurduň Maliýe ministrligi hut şu möçberdäki pul serişdelerine eýelik edýär.

Netijede, girdejisi görkezilen möçberden köp bolan işewürleriň sany 25-e ýetdi.

Ýagny sanawda birinji orny «LVMH (Moët Hennessy – Louis Vuitton)» kompaniýasynyň eýesi Bernar Arno 189 mlrd dollar emlägi bilen eýeledi. «Twitter», «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Maskyň emlägi 179 mlrd dollara ýetýär we ol sanawda ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda «Amazon» kompaniýanyň eýesi Jeff Bezos 139 mlrd dollarlyk emlägi bilen ýerleşdi. Ilkinji bäşlige şeýle hem «Microsoft» kompaniýasynyň eýesi Bill Geýts (125 mlrd dollar) we «Google» kompaniýasynyň eýeleriniň biri Larri Peýj (112 mlrd) girdiler.

«L’Oreal» kompaniýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Betankur-Maýersiň emlägi 87,2 mlrd dollara deň diýip, «The Hill» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň