Poçettino «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

17:1629.05.2023
0
38979

Argentinaly tälimçi Maurisio Poçettino Londonyň «Çelsisiniň» baş tälimçisi boldy. Bu barada «gökleriň» metbugat gullugy hem habar berdi.

51 ýaşly hünärmen bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. Ol işine 1-nji iýuldan geçiriler.

Ozal «Tottenhem», «Sautgempton» we «Espanýolda» işlän Poçettinonyň soňky topary fransuzlaryň PSŽ-si bolupdy.

Möwsümde 44 utuk toplap bilen «Çelsi» APL-de 12-nji orny eýeledi. Aprel aýynyň başynda toparyň başyna wagtlaýyn Frenk Lempard getirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň