Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 9-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

14:3529.05.2023
0
19667

― 9-njy tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 55-e çykdy.

― Jemi 10 futbolçy möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi. Olar «Arkadag» toparyndan Ybraýym Mämmedow, «Ahaldan» Meýlis Diniýew bilen Begenç Mämiýew, «Aşgabatdan» Jumamyrat Jumaýew, «Nebitçiden» Arslangylyç Nazgylyjow bilen Magtymberdi Berenow, «Energetikden» Serdar Annamämmedow bilen Baýramsähet Sapargylyjow, «Altyn asyrdan» Ahmet Ataýew bilen Rahman Myratberdiýewdir.

― Tapgyrda derwezelere 18 gol geçirildi. Bu bolsa möwsümiň rekordydyr.

― Möwsümiň 100-nji goly şu tapgyrda geçirildi. 9-njy tapgyrdan soňra Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen gollaryň sany 103-e çykdy.

“Arkadag” – “Ahal” – 5:2

Gollar: 23 (11 m.j.u.), 52, 78 Didar Durdyýew, 28 Begmyrat Baýow, 57 Ybraýym Mämmedow – 39 Meýlis Diniýew, 59 Begenç Mämiýew.

― Bu duşuşykdan soň «Arkadag» futbol topary möwsümde garşydaş derwezelere 30 gol geçiren ilkinji topar boldy. Toparyň hasabynda häzir 31 gol bar.

― Didar Durdyýew şu möwsümde 10 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Häzir onuň hasabynda jemi 12 gol bar.

― Ybraýym Mämmedow bilen Begenç Mämiýew Ýokary ligadaky ilkinji gollaryny geçirdiler.

― Şu duşuşyk Ýokary liganyň şu möwsüminde iň kän gol geçirilen duşuşyk boldy. Görnüşi ýaly, duşuşykda derwezelere 7 gol geçirildi.

― «Arkadag» topary şu möwsümde bassyr 8 ýeňiş gazanan ýeke-täk topar boldy.

― Didar Durdyýew şu möwsümde het-trik eden ilkinji futbolçy boldy.

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 2:1

Gollar: 58 Bäşim Gurbanberdiýew, 77 Jumamyrat Jumaýew – 68 (11 m.j.u.) Öwezbaý Muhammetmyradow.

― Bu ýeňişden soň «Aşgabat» möwsümde 10 utuklyk sepgide ýeten bäşinji topar boldy. «Paýtagtlylaryň» häzir 12 utugy bar.

― Jumamyrat Jumaýew Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― «Köpetdagyň» dört duşuşyklyk ýeňilmezlik, «Aşgabadyň» bolsa iki duşuşyklyk utulyşly tapgyrlary tamamlandy.

“Nebitçi” – “Merw” – 2:0

Gollar: 73 (11 m.j.u.) Arslangylyç Nazgylyjow, 85 Magtymberdi Berenow.

― Bu ýeňiş «Nebitçä» aýlawy üçünji orunda tamamlamaga mümkinçilik berdi.

― Arslangylyç Nazgylyjow Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan 50-nji futbolçy body.

“Energetik” – “Altyn Asyr” – 2:4

Gollar: 37 Serdar Annamämmedow, 78 Baýramsähet Sapargylyjow – 5, 22 Ahmet Ataýew, 45 Rahman Myratberdiýew, 90 Wahyt Orazsähedow.

― Birinji aýlawda 17 utuk gazanyp bilen «Altyn asyr» aýlawy ikinji orunda tamamlady.

― Möwsümde 6-njy goluny geçiren Wahyt Orazsähedow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orna göterildi.

― Baýramsähet Sapargylyjow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

― 6 golly bu duşuşyk möwsümiň iň kän golly duşuşyklarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň