Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi

10:4529.05.2023
0
26673
Kann kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi
Surat: ru.freepik.com

76-njy Halkara Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan «Altyn palma şahasyna» fransuz režissýory Žýustin Triýeniň «Gaçyş traýektoriýasy» atly filmi mynasyp boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Sylag gowşurylyş dabarasynda Triýe bu filmi döretmek üçin 15 ýyl sarp edendigini gürrüň berdi. Ol baýragy heniz öz filmini surata düşürmäge ýetişmedik ýaş kärdeşlerine bagyşlaýandygyny aýtdy.

Festiwalyň Gran-pri baýragyna Jonatan Gleýzeriň «Gyzyklanmalar zolagy» diýen filmi mynasyp boldy. Ýapon režissýory Aki Kaurismýakiniň «Tänen ýapraklar» filmi eminler toparynyň baýragyny aldy.

Iň oňat aktýor diýlip, režissýor Wim Wendersiň «Ajaýyp günler» filminde çykyş eden aktýor Kodzi Ýakuse yglan edildi. Iň oňat zenan keşbi üçin baýraga türk režissýory Nuri Bilge Jeýlanyň «Gury ot barada» filminde çykyş edýän türk aktrisasy Merwe Dizdar mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň