Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi

20:5328.05.2023
0
21285

Şu gün — 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi geçirildi. Oňa türkmen we daşary ýurtly halyşynaslar, telekeçiler, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Russiýa Federasiýasynyň Gündogar halklarynyň döwlet sungat muzeýiniň Kawkazyň, Merkezi Aziýanyň, Sibiriň we Uzak Gündogaryň sungaty bölüminiň müdiri Marina Suçkowa, TYA-nyň Taryh we Arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa, Türkiýe Respublikasynyň «ELM tree properties LTD.» şereketiniň ýolbaşçysy, haly dokalyş tehnologiýasy boýunça ylymlaryň doktory Çolçuoglu Halil Oktaý, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Yamrali Trading GmbH» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, halyşynas Bally Ýamrali, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmeni Baýram Bäşimow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, halyşynas Güldana Awezdurdyýewa, telekeçi Orazgül Eýeberdiýewa, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň BAE-niň Dubaý şäherindäki bölüminiň işgäri, halyşynas Murad Abdul Raşid we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Maýsa Ataýewa dagy çykyş etdiler.

Mejlisiň dowamynda çykyş edenler dünýäniň dürli ýurtlarynda el halyçylyk sungatyny ösdürmegiň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň däplerini baýlaşdyrmak we tejribe alyşmak ýaly möhüm meselelere degip geçdiler, şeýlede foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda haly nagyşlarynyň gelip çykyşynyň taryhy we aýratynlyklary, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatyny ösdürmek boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri barada aýtdylar.

Türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň milli gymatlyga berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar.

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däpleriniň ösdürilmegi ugrunda edýän aladasy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň