Soňky habarlar

Arhiw

«Uly Ýaryş» HJ gezelenç we sport üçin «Author» welosipedleriniň köp dürli görnüşlerini hödürleýär

11:2127.05.2023
0
47711

Çehiýanyň «Author» welosipedler we weloaksessuarlar brendiniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «Uly Ýaryş» hojalyk jemgyýeti gyzyklanma bildirýänler hem-de hünär taýýarlykly türgenler üçin welosipedleriň köp dürli görnüşlerini hödürleýär.

«Author» brendiniň welosipedleriniň hatarynda dag hem-de şäher şertlerinde, daşly ýollarda sürmäge niýetlenen, ekstremal, zenanlar, çagalar we ýetginjekler üçin welosipedler, şeýle-de elektrobaýklar we özünde hem şäherde, hem-de dagda sürmäge mümkinçilik berýän aýratynlyklary jemleýän gibrid welosiped ulaglary bardyr.

Ýol şertleri üçin we gibrid welosipedler şäher şertlerinde sürmäge örän oňaýlydyr, zenan welosipedleri bolsa ýörite olaryň anatomiýasyny nazarda tutulyp ýasalandyr. Şeýle-de «Author» brendinden çaga ýa-da ýetginjege ýaşyna we bedenine laýyk geljek welosipedi we şäher şertlerinde dolandyrmak üçin elektrobaýky saýlap bolýar.

«Author» welosipedleri modeline baglylykda, sport, şäher şertlerinde her gün sürmek, çylşyrymly ýerlerde sürmek üçin niýetlenen görnüşlerde bolup, olaryň öýde goýlanda kän bir ýer tutmaýan, eplenýän görnüşleri hem bar. Mundan başga-da, bu welosipedleriň her görnüşinde onlarça dürli modeliniň bardygyny bellemeli.

«Author» brendi welosiped bazarynda heniz «ýaşdygyna» garamazdan, dünýäniň welosiped sürmegi endigine öwren jemgyýetlerinde uly meşhurlyga eýe bolmagy başardy. Bu ulaglarda ulanylýan innowasiýalara — Patriot, Ninja DH we FR ýaly podweskalar, ESS we SCR fristaýl ramalary, dýuralýuminiden ýasalan ramalar degişlidir. «Author» şeýle-de karbon ramaly welosipedleri hem öndürýär.

«Author» brendiniň resmi paýlaýjysy bolan «Uly Ýaryş» hojalyk jemgyýeti ähli modeldäki alýuminiý ramalaryna 10 ýyl, şeýle-de hromomolibden garyndyly ramalara bolsa ömürlik kepillik hyzmatyny berýär. Şeýle-de kärhana müşderilere oňaýly bolmagyny göz öňüne tutup, eltip bermek hem-de gurnap bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu hyzmatlar Aşgabat şäheriniň çägine edilen sargyt üçin tölegsiz, Türkmenistanyň welaýatlary üçin bolsa töleglidir.

«Author» brendiniň haryt görnüşleri bilen kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «Uly Ýaryş» hojalyk jemgyýetiniň şu salgydaky dükanyna baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, 24-nji dükan. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 74 72 27, 63 05 24, (+993 12) 95 52 97.

Elektron poçta salgysy: authorbicyclestm@gmail.com;

Resmi web saýty: author.eu

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň