Soňky habarlar

Arhiw

Tbiliside hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçiriler

22:4526.05.2023
0
25040

Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde 5-6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Tbiliside geçiriljek mejlise türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda Gruziýa bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamakda hem-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, wise-premýer B.Atdaýewe bu çärä taýýarlygyň talabalaýyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň