Soňky habarlar

Arhiw

Awazada halkara tans we folklor festiwalyna taýýarlyk görülýär

23:5926.05.2023
0
36968

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabatynyň çäklerinde «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda, festiwaly hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty Hazar deňziniň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçiriljek çäräniň möhüm ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýer M.Mämmedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň