Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iýun aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

22:1926.05.2023
0
30199

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýyň dowamynda, tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri;

2-nji iýunda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gidýän çagalary ugratmak dabarasyny;

3-nji iýunda ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem-de bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini;

5-nji iýunda ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny;

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleri we maslahatlary;

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyny;

22 — 27-nji iýunda Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny;

28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň